Sişenbe, 21.05.2024, 06:11
Gepleşik nokady
Hoş geldiň Myhman | Siz saýtda "Myhman" | RSS
Esasy menýu
Bölümler
Degişme [21]
Umumy gürrüňdeşlik [2]
Söýgi [2]
Edebiýat [1]
Täzelikler [0]
Tehnologiýa [0]
Okuw [0]
Sport [0]
Gyzykly maglumatlar [1]
Kömek gerek [0]
Saglyk [0]
Dini ynançlar [0]
Online sapaklar [0]
Söhbetdeşlikler [0]
Syýahat [0]
Biznes we telekeçilik [0]
Bildirişler [0]
Awto, Moto [0]
Täleýnama, Jady, Pal atmak [0]
Aşpezçilik [0]
Haýwanlar we ösümlikler [0]
Kompýuter we internet [0]
[0]
Maşgala, öý, çagalar [1]
+18 [2]
Surat [3]
Maglumat

Saýtda: 1
Myhmanlar: 1
Agzalar: 0
Форма входа
Baş sahypa » 2012 » Maý » 3 » MTS türkmen bazaryna dolanmakçy
20:55
MTS türkmen bazaryna dolanmakçy
Çarşenbe güni prezident Gurbanguly Berdimuhamedow Orsýetiň "Sistema” maliýe paýdarlar korporasiýasynyň başlygy Wladimir Ýewtuşenkowy kabul etdi. Duşuşykda Ýewtuşenkowyň "Sistema” korporasiýasynyň Türkmenistan bilen uzak möhletli gatnaşyklary ýola goýmak we öz kompaniýasynyň türkmen bazaryndaky işlerini ösdürmek isleýändigini aýdanlygy bellenilýär. 

Orsýetiň MTS kompaniýasyna eýeçilik edýän milliarder, "Sistema” maliýe paýdarlar korporasiýasynyň başlygy Wladimir Ýewtuşenkow geljek 3-6 aýyň aralygynda MTS mobil aragatnaşyk kompaniýasynyň hyzmatlarynyň Türkmenistanda täzeden ýola goýuljakdygyny aýdýar. Bu barada Türkmenistanyň döwlet telewideniýesi habar berdi.

Emma kompaniýanyň Türkmenistanda gaýtadan işläp başlajak wagty barada türkmen tarapy häzirlikçe resmi beýanat ýaýratmady. "Sistema” maliýe paýdarlar korporasiýasynyň halkara metbugat gullugynyň başlygy Wsewolod Semensowyň Azatlyk Radiosyna aýtmagyna görä, häzir bu barada MTS we türkmen hökümeti gepleşik geçirýärler.

"Häzirki döwürde MTS we türkmen hökümeti MTS-iň Türkmenistandaky işlerini gaýtadan dikeltmek barada gepleşik geçirýärler. Emma entek hiç bir ýuridiki ylalaşyga gol goýulmady. Eger şeýle dokumente gol goýulsa, biz resmi beýannama etmekçi” diýip, korporasiýanyň halkara metbugat gullugynyň başlygy Semensow Azatlyk Radiosyna aýtdy.

2010-njy ýylyň ahyrynda...

Orsýetiň MTS kompaniýasy 2010-njy ýylyň dekabr aýynda Türkmenistanyň aragatnaşyk bazarynda ilaty mobil hyzmatlary bilen üpjün etmek boýunça 2005-nji ýyldan bäri amala aşyran işini togtatdy. MTS bilen hyzmatdaşlygyny bes eden Türkmenistanyň Aragatnaşyk ministrligi öz kararyny MTS bilen şertnamasynyň möhletiniň dolmagy bilen düşündiripdi.

Şol döwür MTS-iň Türkmenistanda 2,4 million müşderisiniň bardygy habar berlipdi. 2011-nji ýylyň başynda MTS Türkmenistandan çekilmek bilen 600 million dollar zyýan çekýändigini yglan edipdi. Şonuň ýaly-da geçen ýylyň oktýabrynda Orsýetiň MTS kompaniýasy türkmen hökümetini suda berdi. Bu kompaniýanyň şikaýaty Inwestision dawalary durnuklaşdyrmak boýunça halkara merkezinde hasaba alnypdy.

MTS Türkmenistandan çykyp gaýdaly bäri ýurtda mobil aragatnaşygynyň hiliniň ýaramazlaşandygy hem habar berilýär. Ýurduň ýaşaýjylary bolsa ýeke-täk mobil operatory "Altyn Asyryň” hyzmatlaryndan nägilelik bildirýärler. Bu aragatnaşyk kärhanasyna döwlet eýeçilik edýär.

2010-njy ýylyň dekabr aýynda MTS bilen tükmen hökümetiniň arasynda dawa başlaly bäri türkmen metbugaty diňe ýurduň Daşary işler ministrliginiň bu temadan ýaýradan resmi beýannamasyny çap etmek bilen oňdy.
Okalan: 871 | Goşan: hyujackman | Belgiler: MTS geldi, MTS gelýarmi, MTS Turkmenistan, MTS türkmen, MTS ishleyarmi, tm tazelikler, turkmenistan tazelikler | Dereje: 0.0/0
Hemme jogaplar: 0
Имя *:
Email *:
Код *:
Gözleg
Kiçi çat
Корзина
Aşgabat © 2024Akylly.ru
Сделать бесплатный сайт с uCoz